Türkmen ekerançylary 200 müň tonnadan gowrak gant şugundyryny ýygdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen ekerançylary 200 müň tonnadan gowrak gant şugundyryny ýygdylar
Häzirki wagtda ekerançylar gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnamak işlerini soňky gektarlarda ýokary depginde alyp barýarlar.

Mary welaýatynyň ekerançylary 2019-njy ýylyň hasyly üçin 14,900 gektar meýdana gant şugundyryny ekip, ondan 209 müň tonna golaý hasyl aldylar.

Ýygym möwsüminiň başyndan 10-njy aprele çenli welaýat boýunça ekilen gant şugundyrynyň 14,611 gektaryndan gowrak meýdanynyň hasyly ýitgisiz ýygnalyp alyndy. Göz öňünde tutulan meýilnamany 104%-den gowrak ýerine ýetiren ekerançylar, her gektardan ortaça 143 sentnere golaý hasyl ýygdylar.

Häzirki wagtda ekerançylar gant şugundyrynyň hasylyny doly ýygnamak işlerini soň­ky gektarlarda ýokary depginde alyp barýarlar.

Gant şugundyryny ekmek işleri welaýatyň 10 etrabynda ýola goýuldy. Ekin, esasan-da, galla hasylyndan boşan ýerlerde ekildi. Sowuga çydamly bolan bu ekin toprakda gyş aýlary hem saklanyp bilýär.

Hasyly gaýtadan işlemekde “Maryşeker” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň şeker kärhanasynda döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Häzir bu ýerde işler gije-gündiziň dowamynda alnyp barylýar.