Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda çarşenbe güni “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 – 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” çäklerinde 2020-nji ýyl üçin hereketleriň meýilnamasyny ornaşdyrmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň birinji mejlisi geçirildi.
Mejlisiň barşynda maksatnamanyň ähmiýeti barada çykyşlar hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça Meýilnamanyň birinji çärýekde ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we beýleki meseleler boýunça pikir alşyldy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ady agzalan konseptual resminama daşary ykdysady işleri toplumlaýyn esasda ösdürmek, şeýle hem onuň syýasy-hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy.
Şonuň bilen birlikde, maksatnama Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar, şol sanda maliýe we ykdysady düzümler bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilendir.
Konseptual resminama dürli pudaklara daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin bazar gurallaryny netijeli peýdalanmak, eksport ugurly hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, şeýle hem ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça çäreleriň toplumyny öz içine alýar.
Çykyş edenler soňky ýyllarda ýurduň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň işewürler düzümleriniň derejesinde hem sazlaşykly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, degişli ugurda ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek ugrunda pikirlerini aýtdylar.
Duşuşyga Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Mejlisiň, Ylymlar akademiýasynyň, Aşgabat şäheriniň häkimliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenler gatnaşdylar.