Türkmen binalarynda ýerli bezeg daşlary ulanylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen binalarynda ýerli bezeg daşlary ulanylar
Türkmenistanda örtgi we bezeg gurluşyk önümleriniň önümçiliginde ýurtda bar bolan magdan däl materiallary ulanmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär.

Türkmenistanda magdan känlerini ylmy esasda özleşdirip, olaryň gorlaryny häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede gaýtadan işlemek boýunça, şeýle-de ýerli gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginiň görnüşlerini hem-de taýýarlanylýan mukdaryny artdyrmak ugrunda işler alnyp barylýar.

Şeýle hem örtgi we bezeg gurluşyk önümleriniň önümçiliginde ýurtda bar bolan magdan däl materiallary ulanmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. 

Balkan welaýatynyň çäklerindäki “Gaýly”, “Düzmergen” we “Şagadam” ýataklarynda ýüze çykarylan hek daşlar we bloklar “Türkmenmermer” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan täzeden işlenilip, owadan daşky görnüşi hem-de ýokary dykyzlygy bilen tapawutlanýan ýokary hilli granit we mermer plitalary taýýarlamakda ulanylýar.

Känlerde ýüze çykarylan granitleriň we bezeg daşlarynyň baý reňk öwüşginleriniň netijesinde, olar binalaryň daşky hem-de içki bezeg işlerinde, diwarlarynda ulanylar.

Türkmenbaşy şäheriniň golaýyndaky “Gaýly” ýatagynyň gyzylymtyl-gülgüne reňkli hek daşlary binalaryň içki we daşky diwarlaryny bezemekde peýdalanyp bolar. 

“Düzmergen” ýatagy Balkanabat şäheriniň 10 kilometr demirgazyk-gündogarynda ýerleşip, sarymtyl-ak we açyk goňur reňkli hek daşlaryny binalaryň içki bezeginde ulanyp bolar.

“Şagadam” granit we tuflaryň meýdançasy Türkmenbaşy şäheriniň “Şagadam” belentliginde ýerleşýär. Bu ýerden gazylyp alynýan peýdaly dag jynsy ýaşyl we çal reňkli bolup, olary ýokary bezeg işlerinde hem-de desgalaryň içki we daşky diwarlarynda ulanmak bolýar. 

2022