Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistana täze taslamalary hödürlediler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Günorta Koreýanyň kompaniýalary Türkmenistana täze taslamalary hödürlediler
Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredildi.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly anna güni geçirilen Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň maslahatynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň çäklerinde koreý kompaniýalarynyň, hususan-da, “Hyundai Engineering”, “LG International”, “GS E&C” kompaniýalarynyň wekilleri nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we berkitmek maksady bilen, hyzmatdaşlyk etmek barada täze anyk teklipleri bilen çykyş etdiler.

Koreýanyň “KOMERI” deňiz enjamlarynyň ylmy-seljeriş instituty täze bilelikdäki resminamalary işläp taýýarlamagyň hasabyna hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmek ugrunda çykyş etdi hem-de maslahatlary guramakda we Türkmenistanyň deňiz floty üçin gämi gurluşyk ulgamynda öz hyzmatlaryny we enjamlaryny hödürlediler.

Suw hojalygynda we energetika ulgamlarynda ýöriteleşdirilen “Doosan Heavy Industries” kompaniýasy täze bilelikdäki taslamalary, hususan-da, Hazar deňziniň kenarynda suw süýjediji zawodynyň gurluşygyny amala aşyrmaga taýýardygyny beýan etdi.

Onlaýn duşuşygyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Halkara Söwda assosiasiýasynyň wekilleri harytlary satmak we satyn almak üçin öz “TradeKorea” atly onlaýn söwda platformasynyň işi bilen tanyşdyrdylar.

Onlaýn maslahata gatnaşyjylar yzygiderli duşuşyklaryň geçirilmegi Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine hem-de netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Foruma türkmen tarapyndan ýangyç-energetika toplumynyň, ulag ulgamynyň, dokma senagatynyň, suw hojalygynyň we beýleki pudaklaryň wekilleri gatnaşdylar. Şeýle hem “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň, “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody AGPJ-niň, “Deňiz söwda floty” ÝGPJ-niň ýolbaşçylary çagyryldy.

Koreý tarapyna Koreýa Respublikasynyň Halkara Söwda assosiasiýasy we dürli ugurlarda işleýän kompaniýalary wekilçilik etdiler.

Türkmen-koreý işewürler geňeşi geçen ýylyň aprelinde döredildi.