Türkmen haly kompaniýasy 500 zenany iş orny bilen üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen haly kompaniýasy 500 zenany iş orny bilen üpjün eder
“Anyk” hojalyk jemgyýeti sowgatlyk haly önümlerinden başlap, ýörite buýurmalar esasynda 400 inedördül metr halylary, portret we peýzaž halylary hem öndürýär.

“Anyk” hojalyk jemgyýeti Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda 500 zenan üçin iş ornuny döretjek täze hususy çeper halyçylyk kärhanasynyň gurluşygyny alyp barýar.

Häzirki günde hem haly önümleriniň dürli görnüşlerini dokaýan türkmen kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rüstem Nurlyýew “Rysgal” gazetiniň geçiren söhbetdeşliginde önümleriň Aşgabat şäherindäki “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezindäki ýörite dükanynda satylýandygyny belledi.

“Täze kärhananyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen çeper elli gelin-gyzlaryň 500-e golaýy iş orunlary bilen üpjün ediler” diýip bellän Nurlyýew Halaçda gurulýan täze kärhananyň açylmagy bilen önümleriň görnüşlerini hem artdyrmagy maksat edinýär.

Işewüriň aýtmagyna görä, kärhana sowgatlyk haly önümlerinden başlap, ýörite buýurmalar esasynda 400 inedördül metr halylary, portret we peýzaž halylaryny hem öndürýär.

“Anyk” hojalyk jemgyýeti haly önümleri bilen bir hatarda, türkmen milli lybaslaryny hem taýýarlaýar.

Halaç etrabynda 2200-den gowrak zenanyň zähmet çekýän çeper halyçylyk kärhanasy hem hereket edýär. Häzirki wagtda “Türkmenhaly” döwlet birleşigine degişli bolan bu iri zawodyň şahamçasynyň gurluşygy ýerine ýetirilip, ony “Altyn gül” hususy kärhanasy bina edýär. Bu ýerde 100-den gowrak iş orny dörediler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022