Baku-Tbilisi-Kars demir ýolundan 940 metrlik otly Merkezi Aziýa ugrady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Baku-Tbilisi-Kars demir ýolundan 940 metrlik otly Merkezi Aziýa ugrady
Dürli türk önümleri ýüklenen 940 metrlik otly 82 konteýnerden ybaratdyr. (Surat: “Anadolu Agentligi”)

Baku-Tbilisi-Kars (BTK) demir ýolundan gatnan otlularyň arasynda iň uzyny bolan 940 metrlik ýük otlusy sişenbe güni Türkiýeden Merkezi Aziýa ugrady. Bu barada Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglyna salgylanyp, “Anadolu Agentligi” habar berdi.

Agentligiň habaryna görä, Türkiýede öndürilen dürli önümler bilen ýüklenen 82 konteýnerden ybarat otly gündogar Kars welaýatyndan ýol aldy. Ahyrky barmaly nokady bolan Özbegistana ýetýänçä otly Azerbaýjanda, Gazagystanda we Türkmenistanda “düşläp geçer”.

Ministr Karaismailogly: “Otly dokuz günden Özbegistana barar. Şol günleriň dowamynda ol ähli ýükleri eltilmeli ýurtlara ýetirer” diýip belledi.

Koronawirusyň ýaýramagy sebäpli ýurtlaryň köpüsüniň daşary söwdasy kynçylyklara uçrady. Demir ýol ulagynda amala aşyrylýan daşamalar bolsa, täze güýje eýe boldy, çünki bir tapgyrda sanalgyja adamlaryň gatnaşmagynda has köp ýük daşap bolýar.

Ministriň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýükleriň agramly bölegi demir ýol düzümlerinde daşalýar, şunda zyýansyzlandyryş işlerine uly üns berilýär.

“Otluda arassaçylyk serişdelerinden başlap, awtoulag senagaty üçin niýetlenen önümlere çenli dürli-dürli ýükler bardyr. Ulag amallarynyň ählisi eldegrilmesiz we zyýansyzlandyryş düzgünleriniň pugta berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar” diýip, Karaismailogly belledi.

2017-nji ýylyň oktýabr aýynda herekete başlan BTK demir ýoly Türkiýäni, Azerbaýjany we Gruziýany birleşdirip, Ýewropa bilen Hytaýyň arasynda baglanyşygy ýola goýýar.

2022