Türkmenistanyň baş diplomaty sebitdäki kärdeşleri bilen üstaşyr geçelgeleri maslahatlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň baş diplomaty sebitdäki kärdeşleri bilen üstaşyr geçelgeleri maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri özbek we azerbaýjan kärdeşleri bilen telefon arkaly ulag-üstaşyr ulgamy boýunça söhbetdeşlik geçirdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni özbek we azerbaýjan kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Özbegistanyň Daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyplygy barada belläp, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary serhetýaka hyzmatdaşlyk, ulag-üstaşyr geçelgeler boýunça pikir alyşdylar.

Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Elmar Mamedýarow bilen geçirilen söhbetdeşlikde kärdeşler ulag-kommunikasiýa ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýetini nygtap geçdiler.

Hazarda Türkmenbaşy we Alat deňiz portlarynyň arasynda göni deňiz gatnawlarynyň Ýewraziýa kontinentinde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýandygy barada aýdyldy. 

Ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary netijeliligini nygtap, ýurtlaryň baş diplomatlary Gönorta-Günbatar ugry boýunça ulag geçelgeleriniň ýokary derejede işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini tapmak we durmuşa geçirmek meselesi üstünde durup geçdiler.

Şeýle-de çarşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi.

Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özara hereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derwaýyslygyna aýratyn üns çekdiler.

Taraplar ýurtlaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna hem seredip, bu ugurda ulag, gurluşyk we energetika ulgamlarynda, hususan-da TOPH gaz geçirijisi we TOP elektrik togunyň geçirijisi boýunça öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda bilelikdäki tagallalaryň işjeňleşdirilmeginiň zerurlygyna hem üns çekdiler.