Aşgabat bilen Daşkent haryt dolanyşygyny giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Daşkent haryt dolanyşygyny giňeldýär
Duşuşyga gatnaşyjylar dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleri bilen birlikde, ýurtlarda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmagyň mümkinçiligine seretdiler.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen penşenbe güni Özbegistanyň Maýa goýumlar we daşary söwda ministrliginiň wekilleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen duşuşykda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň, şol sanda söwda-ykdysady ulgamyndaky gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Taraplar gatnaşyklaryň geljegi baradaky pikir alyşmalaryň çäklerinde özara söwdanyň we maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmak, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak üçin ýurtlaryň mümkinçiliklere eýedigini bellediler.

Ikitaraplaýyn haryt dolanyşygyny giňeltmegiň zerurdygy barada aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar dokma, ýüpek, nebitgaz, himiýa senagatlarynyň önümleri bilen birlikde, Türkmenistanda we Özbegistanda öndürilýän önümleriň eksportyny artdyrmagyň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Oba hojalyk tehnikalaryny we awtoulaglary ibermek babatdaky hyzmatdaşlyk, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hereketleriň hatarynda agzaldy.

Taraplar Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-özbek toparynyň ähmiýetini belläp, islegleri hem-de goňşy döwletleriň bar bolan mümkinçiliklerini nazara alyp, gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Çarşenbe güni geçirilen iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajyplygy barada belläp, serhetýaka hyzmatdaşlyk, ulag-üstaşyr geçelgeler boýunça pikir alşypdylar.

2022