Türkmenistan halkara söwda edarasy bilen taslama durmuşa geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan halkara söwda edarasy bilen taslama durmuşa geçirýär
Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki çäreleriň amala aşyrylmagy boýunça meýilnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda penşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde geçirilen duşuşykda Halkara söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän “Merkezi Aziýada söwdany ösdürmek: sebitde özara we halkara söwda ýardam” taslamasynyň durmuşa geçirilmegi esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.

Duşuşygyň çäklerinde taslamanyň möhüm düzümleri boýunça pikir alşyldy. Gürrüňi edilýän taslama söwda ulgamynda milli mümkinçilikleriň pugtalandyrylmagyna, bäsdeşlige ukyplylygyň ösdürilmegine, hususan-da, kiçi we orta işewürlik üçin täze söwda strategiýalarynyň kabul edilmegine gönükdirilendir.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki çäreleriň amala aşyrylmagy boýunça meýilnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy ugrunda pikirlerini aýtdylar.

Şeýle-de taraplar sebitdäki we bütin dünýädäki ykdysady ýagdaýyň howplaryny ara alyp maslahatlaşyp, olary üstünlikli çözmek üçin bilelikdäki ýollara garadylar hem-de ykdysady ýakynlaşmagy has-da ösdürmegiň zerurdygy barada biragyzdan pikirlerini beýan etdiler.

Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Merkezi bankyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, şeýle hem Halkara söwda merkeziniň halkara bilermenleri gatnaşdylar.