Lebaply işewürlere sowadyjy desgalary gurmak üçin ýer bölünip berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Lebaply işewürlere sowadyjy desgalary gurmak üçin ýer bölünip berildi
Täze sowadyjy ammarlar ýokary tehnologik enjamlar bilen üpjün ediler.

Lebap welaýatynyň çäklerinden hususy pudagyň bäş wekiline sowadyjy desgalary gurmak üçin ýer bölekleri bölünip berildi.

Welaýatyň dolandyryş merkezi bolan Türkmenabat şäherinde häzirki güne çenli “Awtotrans” hususy kärhanasy hem-de telekeçi Wepa Jumabaýew azyklyk önümler üçin ýöriteleşdirilen ammarlaryny gurdular. Sowadyjy ammarlar ýeralma, pomidor, hyýar, kelem, sogan we gök-bakja önümlerini terligine saklamak we ilata ýetirmek üçin peýdalanylar.

Şeýle-de Türkmenistanyň gündogar welaýatynda “Miwe” önümçilik birleşiginiň iki sany sowadyjy desgasy hereket edýär. Bu ýerde daýhan birleşiklerinden we hususy öndürijilerden alynýan azyk harytlary saklanýar.

Eksport harytlarynyň ornuny tutýan oba-hojalyk önümlerini ýetişdirmäge işjeň gatnaşýan Lebabyň hususy ekerançylary onlarça ýyladyşhanadan hasyl alýarlar. Häzirki wagtda bolsa, welaýatyň çäginde 22 sany ýyladyşhana toplumlarynyň gurluşygy dowam edýär.

2022