Türkmen DIM-de çaga hukuklarynyň üpjün edilişi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen DIM-de çaga hukuklarynyň üpjün edilişi maslahatlaşyldy
Taraplar Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we durmuşa geçirmek ugrundaky işler boýunça pikir alyşdylar.

Daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Kristin Weýgand bilen duşuşygy geçirilip, onda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri boýunça pikir alşyldy. 

Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) arasyndaky uzak möhletli hyzmatdaşlygy barada belläp geçdiler. Milli derejede işlenip düzülen we durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň netijeliligine aýratyn ünsi çekildi.

Taraplar sebitleýin we dünýä derejesinde utgaşdyrylan çäreleriň ähmiýeti barada aýdyp, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde çaganyň hukuklaryny üpjün etmek we durmuşa geçirmek ugrundaky işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem sanly bilim ulgamy, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy ulgamy we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk derejesini ösdürmek ugrundaky çäreleri kämilleşdirmäge gönükdirilen indiki ädimler barada maslahat edildi.

Türkmenistan mart aýynda ÝUNISEF-niň we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldamagynda 2020-2025-nji ýyllar üçin ilatyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça Milli maksatnamasyny kabul etdi.