Daşoguzda iki sany döwrebap guş toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda iki sany döwrebap guş toplumynyň gurluşygy alnyp barylýar
Guşçulyk toplumlarynda ketek, iým taýýarlaýyş sehi, taýyn önümler ammarlary, ýumurtgalary saýlamak we gaplamak bölümi we ofis binasy gurulýar.

Daşoguz welaýatynda iki sany täze döwrebap guşçulyk toplumynyň açylmagyna garaşylýar.

Häzirki günlerde “Esas gurluşyk” hususy kärhanasy welaýatyň S.A.Nyýazow etrabynda guşçulyk toplumynyň gurluşygyny alyp barýar.

Hususy kärhana döwlet tarapyndan bölünip berlen üç gektar ýerde dört sany guş ketegi, iým taýýarlaýyş sehi, iým we taýyn önümleri saklamak üçin ammarlar, ýumurtgalary saýlamak we gaplamak bölümi, ofis binasy we beýleki desgalar gurulýar. Guş toplumy ýylda 36 müň ýumurtga öndürmäge niýetlenendir.

Şeýle hem bu görnüşdäki guşçulyk toplumynyň ikinjisiniň gurluşygy şol etrapda “Arassa başlangyç” hususy kärhanasy tarapyndan alnyp barylýar.

Bu gurulýan guşçulyk toplumlarynda öndürilýän önümleriň halkara sanitariýa we ekologiýa kadalaryna laýyklygyny üpjün edýän awtomatlaşdyrylan ýörite enjamlar oturdylar.

Geljekde hususy kärhanalar iým önümlerini ösdürip ýetişdirmegi hem meýilleşdirýärler.