Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) wekilleri bilen sişenbe güni duşuşyk geçirildi.
TSTB-niň halkara gatnaşyklar, oba hojalyk we senagat bölümleriniň hünärmenleri we GIZ-iň Türkmenistandaky wekilleri global daşky gurşaw meselelerini göz öňünde tutup, ykdysady ösüş boýunça pikir alyşdylar.
Taraplar howanyň üýtgemegi hem-de onuň ykdysadyýete täsiri, tebigy baýlyklardan ýerlikli peýdalanmak, suw serişdeleri we azyk howpsuzlygy ýaly temalara aýratyn ünsi çekdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar bu möhüm meselelere degişli çözgütleri taýýarlamak babatda bilelikdäki çäreleri geçirmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
2011-nji ýylda esaslandyrylan GIZ Germaniýanyň Federal hökümetine degişli halkara ösüş agentligidir. Guramanyň merkezi Bonn we Eşborn şäherlerinde ýerleşýär we ol 130-dan gowrak ýurtda hereket edýär.