Türkmen-eýran serhedinden ýükleriň geçiş tertibi maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-eýran serhedinden ýükleriň geçiş tertibi maslahatlaşyldy
Mümkin bolan tiz wagtyň içinde türkmen-eýran serhedinden ulaglaryň we ýükleriň epidemiologiýa nukdaýnazaryndan howpsuz geçirilmegi maksat edilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif penşenbe güni geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde türkmen-eýran serhedinden ulaglaryň geçirilmegi boýunça pikir alyşdy.

Diplomatlar pandemiýa garşy göreşmek boýunça bilelikdäki hereketleriň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna ünsi çekdiler.

Şeýle-de kärdeşler Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilen Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň arasynda çarşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda gazanylan ylalaşyklaryň tiz wagtda durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar.

Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary mümkin bolan tiz wagtyň içinde taraplaryň türkmen-eýran serhedinden ulaglaryň we ýükleriň epidemiologiýa nukdaýnazaryndan howpsuz geçirilmegi maksady bilen sanitar, fitosanitar gözegçiliginiň we weterinar barlaglarynyň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi üçin zerur bolan çäreleriň ählisiniň durmuşa geçirjekdigini aýratyn bellediler.