Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn duşuşygy geçirildi. Onda döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ýokary döwlet hem-de hökümet derejesinde alnyp barylýan Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasyndaky ulgamlaýyn we işjeň gatnaşyklaryň ýokary ähmiýete eýe bolup durýandygyny aýratyn nygtadylar.
Topara başlyklyk edijiler gazhimiýa we ulag ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredip geçmek bilen, öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň barşynda ulag, elektrik energetikasy, oba hojalygy, saglygy goraýyş, kommunikasiýa we aragatnaşyk, syýahatçylyk we ekologiýa ýaly ulgamlar özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary hökmünde görkezildi.
Wideomaslahata Türkmen-ýapon komitetiniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we “Itoçu Korporeýşn” kompaniýasynyň Dolandyryjy ýerine ýetiriji direktory, Ulaglar we enjamlar kompaniýasynyň Prezidenti Hiroýuki Subaý gatnaşdylar.
Şeýle-de onlaýn gepleşikde 2019-njy ýylyň oktýabrynda Tokio şäherinde gol çekilen Ýol kartasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça alnyp barylýan hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtalyp geçildi.