Türkmenistan üstaşyr geçýän awtoulaglardan alynýan ýygymlary we tölegleri ýeňilleşdirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan üstaşyr geçýän awtoulaglardan alynýan ýygymlary we tölegleri ýeňilleşdirer
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýä çykýan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmegiň hem-de “Lapis Lazuli” we Ýewropa – Kawkaz – Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini gurmagyň möhümdigini belledi.

Türkmenistanyň çäginden tranzit geçýän daşary ýurt awtoulaglaryndan alynýan ýygymlara we töleglere täzeden serediler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we kommunikasiýa toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Baýramgeldi Öwezow anna güni “Türkmenistanyň gümrük serhedinde daşary ýurt döwletleriniň awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymlaryň hem-de tölegleriň ýeke-täk möçberlerini bellemek hakyndaky” Kararyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda alnyp barylýan işler barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Wise-premýer sazlaşykly ulag syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, kanunçylygy hem-de nyrhlary sazlaşdyryp, gümrük, wiza we beýleki düzgün-kadalary kem-kemden ýönekeýleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Bu çäreleriň ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatynyň, ýük daşalyşynyň hem-de daşary söwdanyň mukdarynyň artmagyna düýpli täsir edip biljekdigi aýdyldy.

Ulag-kommunikasiýa toplumynyň düzümine girýän agentlikler tarapyndan degişli ugurda geçirilýän işler seljerildi. Şol seljerme işleriniň netijesinde, awtoulag serişdeleriniň aglaba böleginiň goňşy döwletleriň üsti bilen üçünji ýurtlara üstaşyr geçýändigini nazara alyp, ýurdumyzyň çäginden geçýän beýleki ugurlar boýunça daşary ýurt ýük daşaýjylary çekmek maksady bilen, her ugur boýunça aýratyn we bäsdeşlige ukyply nyrhlary kesgitlemek teklip edilýär.

Ýurt Baştutany hasabaty diňläp, ýakyn geljek üçin esasy wezipeleriň hatarynda dünýäniň ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak hem-de “Gündogar – Günbatar” we “Demirgazyk – Günorta” ugurlarda ýollary hem-de merkezleri birleşdirýän esasy ugurlar boýunça düzümi mundan beýläk-de giňeltmek wezipesiniň öňde durýandygyny nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynda amala aşyrylýan taslamalaryň, şol sanda Türkiýä çykýan Merkezi Aziýa üçin Modal ýoluny döretmegiň hem-de Owganystan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe hem-de Ýewropa – Kawkaz – Aziýa (TRASEKA) ulag geçelgelerini gurmagyň we işjeňleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutany demir ýol köprüleriniň netijeli ulanylmagynda we ýokary derejede saklanylmagynda zerur işleriň geçirilmegine berk gözegçilik etmek barada hem wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle-de Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň üstaşyr-ulag we logistika kuwwatyny amala aşyrmak babatda strategik ähmiýetli iri taslamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegine aýratyn üns bermegiň möhümdigini aýdyp, wise-premýer Öwezowa bellenilen meýilnamalary mundan beýläk-de amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryň edilmegini tabşyrdy.

2022