Türkmenistan bilen “SICPA SA” hyzmatdaşlygy giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen “SICPA SA” hyzmatdaşlygy giňeldýär
Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardan alýan hem-de daşary ýurtlara ugradýan harytlaryny belgilemek meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde sişenbe güni ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hem-de Şweýsariýanyň “SICPA SA” kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardan alýan hem-de daşary ýurtlara ugradýan harytlaryny belgilemek babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek we çuňlaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy.

Türkmenistanda dürli senagat we oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberiniň artmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň bu ugrunyň möhüm ähmiýete eýedigi nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar harytlary häzirki zaman belgileýji çözgütler bilen türkmen bazaryny üpjün etmekde özara hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar. Bu çözgütler, öz gezeginde, alyjylary we döwletiň söwda ulgamyny galplaşdyrylan önümlerden gorar.

Şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de “SICPA SA” kompaniýasynyň arasynda Strategik hyzmatdaşlyk boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilipdi. “SICPA SA” harytlary belgilemek üçin innowasion çözgütleri işläp düzmekde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalaryň biridir.