Türkmenistan ýük daşamalar we gümrük gözegçiligi ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan ýük daşamalar we gümrük gözegçiligi ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär
Türkmenistanda elektron awtoulag kartasyny we merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde çarşenbe güni Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNСTAD) hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen onlaýn maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, şol sanda, Daşary işler ministrliginiň, Döwlet gümrük gullugynyň we “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Wideomaslahatyň barşynda taraplar Türkmenistanyň UNСTAD hem-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulag daşamalary we gümrük gözegçiligi ugurlarynda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanda girizilen “ASYCUDA” integrirlenen gümrük maglumatlarynyň ulgamy boýunça meselelere seredildi.

Türkmenistanda elektron awtoulag kartasyny we merkezleşdirilen maglumatlar binýadyny döretmek meýilleşdirilýär. Oňa girýän, çykýan we üstaşyr geçýän awtoulaglar hakyndaky ähli maglumatlar giriziler.

Häzirki wagtda dünýäniň 195 ýurduny özünde jemleýän UNСTAD-yň alyp barýan işleri halkara söwdanyň hem-de deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda degişli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň hasabyna gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir.

2022