Hazar – Gara deňzi halkara üstaşyr geçelgesi boýunça pikir alşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazar – Gara deňzi halkara üstaşyr geçelgesi boýunça pikir alşyldy
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni Hazar deňzi — Gara deňiz halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek hakynda hökümetara ylalaşygyň taslamasy boýunça dört taraplaýyn onlaýn gepleşik geçirildi.

Gepleşige Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýanyň we Rumyniýanyň Daşary işler ministrlikleriniň, beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Gepleşigiň barşynda Türkmenbaşy, Baku, Poti, Batumi we Konstansa şäherleriniň portlarynyň üsti bilen ýük daşamagy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän ähli taraplar bilen, şol sanda Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge degişli meselelere seredildi.

Şeýle-de bu geçelgäniň global häsiýeti hem-de ykdysady hyzmatdaşlygy, önümçilik we energetika kooperasiýasyny, söwdany, maýa goýumy ösdürmekdäki mümkinçilikleri barada belläp, taraplar sanly tehnologiýalary ulanmak we maglumat alyş-çalşygyny ýola goýmak babatda hem pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar dürli ugurlarda durnukly ýük daşamalary üpjün edýän logistika ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.