Türkmen-eýran serhedindäki dezinfeksiýa tunelleri iki hepdäniň dowamynda ulanyşa giriziler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-eýran serhedindäki dezinfeksiýa tunelleri iki hepdäniň dowamynda ulanyşa giriziler
Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň wekilleri ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça maslahat etdiler.

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň transport ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda sişenbe güni geçirilen üçtaraplaýyn wideo konferensiýada ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça maslahat edildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag ulgamyndan jogapkär orunbasary Baýramgeldi Öwezow ýolbaşçylyk etdi. Özbek tarapyna Özbegistanyň Transport ministri Elýar Ganiýew, şeýle-de Eýran wekiliýetine ýurduň Ýol we şäher gurluşyk ministri Mohammad Eslami ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşygyň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Türkmenistan serhedinde dezinfeksiýa tunelleriniň döredilmegi ýaly birnäçe çäräniň görülendigini aýtdy diýip, “Iran Press” agentligi habar berdi.

Eýran ministri Eslami koronawirusyň ýaýramagy bilen baglanyşykly 24 sany serhet terminalynda lukmançylyk protokollarynyň döredilendigini hem-de Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda golaýdaky iki hepdede dezinfeksiýa tunelleriniň guruljakdygyny aýtdy.

Eslami ähli işewürleriň we telekeçileriň lukmançylyk protokollaryny berjaý etmelidigini belledi.

Özbegistanyň Transport ministri Ganiýew öz gezeginde sürüjileriň ählisiniň ýörite eşikleri geýmelidigini we sanitariýa protokollaryny berjaý etmelidigini, şeýle hem harytlary 10 günüň dowamynda barmaly nokadyna eltmelidigini beýan etdi.

Üç ýurduň arasyndaky ylalaşyk esasynda zerur bolan ulag resminamalary elektron görnüşinde alyş-çalyş ediler.

2022