Hytaý-Türkmenistan ugry boýunça täze konteýner hyzmaty ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hytaý-Türkmenistan ugry boýunça täze konteýner hyzmaty ýola goýuldy
Otly ugran nokadyndan barmaly ýerine çenli sekiz gün ýol aşar. (Surat: “KTZ Express”)

Gazagystanyň üsti bilen tranzit görnüşinde Hytaý-Türkmenistan konteýner otlusy ilkinji gezek gatnamaga başlady. Bu barada sişenbe güni Gazagystanyň milli demir ýol kompaniýasy bolan “Kazahstan Temir Žoly” (KTZ) metbugat beýanatynda aýtdy.

Beýanata görä, otly Hytaýyň Jinan Nan menzilinden ýola düşdi we ondan soň Gazagystanyň Horgos, Altynköl we Bolaşak serhet geçelgelerinden Türkmenistanyň Gypjak menziline tarap ugrady.

Otly umumy ýükli 44 sany kyrk futluk konteýnerlerden ybaratdyr we ugran nokadyndan barmaly ýerine çenli sekiz gün ýol aşar.

“Täze konteýner hyzmatynyň “KTZ Express” müşderilerine peýdasy Hytaýdan Türkmenistanyň bazarlaryna ýükleri eltmegiň iň amatly wagtydyr” diýip, KTZ-niň habarynda beýan edilýär. “Täze gatnaw söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder we ýük akymlarynyň ýokarlanmagyna goşant goşar”.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022