Aşgabat we halkara bilermenler koronawirusyň telekeçilige ýetiren täsirini seljerdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we halkara bilermenler koronawirusyň telekeçilige ýetiren täsirini seljerdiler
Duşuşykda koronawirus zerarly ýüze çykan global çökgünligiň ýurduň kiçi we orta telekeçilik ulgamyna ýetirýän täsiriniň seljermesi dogrusynda pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde penşenbe güni aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagynyň Türkmenistanyň we sebitiň durmuş-ykdysady ýagdaýyna ýetirýän täsirini maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda koronawirus zerarly ýüze çykan global çökgünligiň ýurduň kiçi we orta telekeçilik ulgamyna, ilatyň iş bilen üpjünçiligine, şeýle-de jemi içerki önümçiligiň ösüşi, fiskal we söwda balansy ýaly makroykdysady görkezijilerine ýetirýän täsiriniň seljermesi dogrusynda pikir alşyldy.

Şeýle-de duşuşykda bilermenler BMG-niň ýurt boýunça toparynyň hem-de BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň gatnaşmagynda taýýarlanylan Merkezi Aziýa sebitinde pandemiýanyň mümkingadar durmuş-ykdysady täsiriniň içerki seljermesiniň esasy netijeleri barada hem gürrüň etdiler.

Maslahata Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň we Merkezi bankyň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlise şonuň ýaly-da BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň, şeýle-de Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň hem-de Yslam ösüş bankynyň Türkmenistandaky bilermenleri gatnaşdylar.

2022