“Toyota” “Sienna” we “Venza” ulaglaryny gibrid görnüşde öndürer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Toyota” “Sienna” we “Venza” ulaglaryny gibrid görnüşde öndürer
“Sienna” awtoulagy adaty howpsuzlyk aýratynlyklary bilen üpjün ediler we alyjynyň islegine görä goşmaça tozan sorujy we sowadyjy ornaşdyrylar. (Surat: “Toyota”)

“Toyota” gibrid hereketlendirijisi bilen işleýän täze “Sienna” mikroawtobusyny we orta ölçegli “Venza” krossowerini ilkinji gezek wirtual metbugat konferensiýasy arkaly tanyşdyrdy. Bu barada CNBC habar berýär.

Bu ulaglaryň ikisi hem diňe benzin-elektrik gibrid hereketlendirijisi bilen elýeterli bolar.

“"Sienna" we "Wenza" kysymlaryny öndürmek bilen iki sany möhüm maksada ýakynlaşmak üçin iki sany ägirt ädim ädýäris: 2025-nji ýyla çenli awtoulag görnüşlerimiziň 100%-ni elektrikleşdirmek we şolaryň 25%-i gibrid görnüşinde çykarmak” diýip, “Toýota”-nyň Demirgazyk Amerikadaky satuw boýunça ýolbaşçysy Bob Karter aýdýar.

Karteriň aýtmagyna görä, “Venza” şu tomusdan başlap, “Sienna” hem şu ýylyň ahyryndan satuwa çykarylar.

Täze “Toyota”-lar elektrik hereketlendirijileriniň kömegi bilen 2.5 litrlik 4 silindrli hereketlendiriji ulgamy ulanar.

“Sienna” awtoulagy adaty howpsuzlyk aýratynlyklary bilen üpjün ediler we alyjynyň islegine görä goşmaça tozan sorujy we sowadyjy ornaşdyrylar. Bular ABŞ-niň Indiana ştatynda öndüriler.

“Toyota” täze ulaglaryň bahasyny yglan etmedi. Häzirki “Sienna”-nyň bahasy 32 müň bilen 50 müň ABŞ dollary aralygyndadyr.

Gibrid ulaglar elektrikli ýa-da zarýadly gibrid ulaglardan tapawutlylykda, sürüjilerden batareýalaryny zarýad bermek üçin ulaglary toga dakmagy talap etmeýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022