“Toyota” gibrid hereketlendirijisi bilen işleýän täze “Sienna” mikroawtobusyny we orta ölçegli “Venza” krossowerini ilkinji gezek wirtual metbugat konferensiýasy arkaly tanyşdyrdy. Bu barada CNBC habar berýär.
Bu ulaglaryň ikisi hem diňe benzin-elektrik gibrid hereketlendirijisi bilen elýeterli bolar.
“"Sienna" we "Wenza" kysymlaryny öndürmek bilen iki sany möhüm maksada ýakynlaşmak üçin iki sany ägirt ädim ädýäris: 2025-nji ýyla çenli awtoulag görnüşlerimiziň 100%-ni elektrikleşdirmek we şolaryň 25%-i gibrid görnüşinde çykarmak” diýip, “Toýota”-nyň Demirgazyk Amerikadaky satuw boýunça ýolbaşçysy Bob Karter aýdýar.
Karteriň aýtmagyna görä, “Venza” şu tomusdan başlap, “Sienna” hem şu ýylyň ahyryndan satuwa çykarylar.
Täze “Toyota”-lar elektrik hereketlendirijileriniň kömegi bilen 2.5 litrlik 4 silindrli hereketlendiriji ulgamy ulanar.
“Sienna” awtoulagy adaty howpsuzlyk aýratynlyklary bilen üpjün ediler we alyjynyň islegine görä goşmaça tozan sorujy we sowadyjy ornaşdyrylar. Bular ABŞ-niň Indiana ştatynda öndüriler.
“Toyota” täze ulaglaryň bahasyny yglan etmedi. Häzirki “Sienna”-nyň bahasy 32 müň bilen 50 müň ABŞ dollary aralygyndadyr.
Gibrid ulaglar elektrikli ýa-da zarýadly gibrid ulaglardan tapawutlylykda, sürüjilerden batareýalaryny zarýad bermek üçin ulaglary toga dakmagy talap etmeýär.