Türkmen kompaniýasy döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrýar
“Agzybirlik Tilsimaty” nyşany bilen sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri we skanerleri, pul gutulary çykaryldy.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň we “Agzybirlik Tilsimaty” bilelikdäki kärhanasynyň hünärmenleri Aşgabatda döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler.

“Agzybirlik Tilsimaty” nyşany bilen söwdany awtomatlaşdyrmak üçin POS-enjamlaryň 300 toplumy, şol sanda sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri we skanerleri, pul gutulary çykaryldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine degişli paýtagtyň azyk dükanlarynyň ählisi şeýle enjamlar bilen üpjün ediler.

Elektron ulgama geçirmek işi ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Şunda paýtagtyň söwda nokatlarynyň ählisi sanly ulgama birleşdiriler, bu bolsa, harytlaryň ammarlara gelip düşüşinden dükanlara ugradylyşyna, satylan möçberine we galan harytlara çenli sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Şeýle merkezleşdirilen ulgam söwda nokatlarynyň harytlar bilen üpjünçiligi baradaky maglumatlary sistemalaşdyrmaga, dükanlarda olaryň ýeterlik goruny öz wagtynda üpjün etmäge, harytlar bilen üznüksiz üpjünçiligi ýola goýmaga, söwda we haryt iberijiler bilen hasaplaşygyň elektron hasabatyny alyp barmaga mümkinçilik berer. Sanly binýat netijeli menejment we marketing meselelerini çözmek üçin şertler döreder.

“Kompýuter tehnologiýalary merkezi” kärhanasynyň direktory Hanmämmet Mollakowyň aýtmagyna görä, alyjylara amatly bolar ýaly täze saýt dörediler, onda her bir dükan barada maglumatlar, ýagny onuň salgysy, telefonlary, harytlaryň görnüşleri we harytlary barada ähli maglumat ýerleşdiriler.

Söwda portalyna girýänler harydy öýüne getirtmäge sargyt berip, sorag-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary alyp bilerler. Bu ulgam içerki bazarlarda islegi öwrenmäge mümkinçilik berer. Indiki tapgyrlarda sanlaşdyrma ulgamy welaýat merkezlerinde-de ornaşdyrylar.

“Agzybirlik tilsimaty” bilelikdäki kärhanasy şu ýyl birinji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylar üçin 160 müňe golaý kompýuteri hem taýýarlar.

2022