BAE kompaniýasy “Döwletabat” gaz guýularynda hyzmatlary ýerine ýetirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
BAE kompaniýasy “Döwletabat” gaz guýularynda hyzmatlary ýerine ýetirer
Mary welaýatynda ýerleşýän “Döwletabat” gaz käni 1982-nji ýylda 1.3 trillion kub metr gaz gory bilen açyldy.

“Döwletabat” gaz känindäki ulanyşdaky 30 sany gaz guýusynda tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça işler geçiriler.

Degişli işleri geçirmek üçin geçen anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gaz guýularynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konsernine “Döwletabat” gaz känindäki ulanyşdaky 30 sany gaz guýusynda tebigy gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek barada Birleşen Arap Emirlikleriniň “Turkmen Petroleum Products Trade DMCC” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mary welaýatynda ýerleşýän “Döwletabat” gaz käni 1982-nji ýylda 1.3 trillion kub metr gaz gory bilen açyldy. 90-njy ýyllarda bu gaz käni türkmen gazynyň esasy eskport çeşmesi boldy.

Türkmenistan tebigy gazy Hytaýa we Russiýa eksport edýär.

2022