Rus resmileri türkmen dokma önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rus resmileri türkmen dokma önümlerini satyn almaga gyzyklanma bildirdiler
Türkmen tekstil harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň Russiýa iberilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň we Russiýanyň dokma senagatynda eksport mümkinçilikleri we importa bolan islegleri boýunça türkmen we rus Söwda-Senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda sişenbe güni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly iş maslahaty geçirildi.

Bu wideomaslahat gatnaşyjylara Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

Taraplar söwda ulgamynda, birža işlerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berdiler, hususan-da, Türkmenistandan harytlaryň iberilmegi boýunça gyzyklanma bildirdiler. Gatnaşyjylar türkmen önümleriniň – tekstil harytlarynyň, ýüplükleriň, pamyk önümleriniň Russiýa iberilmegi bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Maslahatyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen bagly işiň gidişine kanagatlanma bildirdiler.

Duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

2022