Türkmenistanyň Prezidenti pandemiýa döwründe ykdysady durnuklylygy saklamagyň wajypdygyny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Prezidenti pandemiýa döwründe ykdysady durnuklylygy saklamagyň wajypdygyny belledi
Türkmenistanyň Prezidenti telekeçiligi ösdürmek üçin zerur şertleri döretmegiň öňde durýan wezipeleriň esasylarynyň biridigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag-kommunikasiýa we maliýe-ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän orunbasarlary Baýramgeldi Öwezowyň we Gadyrgeldi Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Döwlet Baştutany iş maslahatyny açyp, dünýäde we sebitde ýaýran ýeňil bolmadyk epidemiýa ýagdaýyny nazara almak bilen, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüş depginini saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Iş maslahatynda wise-premýerler Öwezowyň we Müşşikowyň gözegçilik edýän düzümlerinde alyp barýan işleri baradaky hasabatlary diňlendi.

Türkmen Lideri hasabatlary diňläp, ýurtda köpugurly we bäsdeşlige ukyply ulag-kommunikasiýa toplumynyň ösdürilmegine döwletiň hemmetaraplaýyn üns berjekdigini belledi.

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň 15-nji maýda geçirilen mejlisinde geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamak hakyndaky Karara gol çekilendigini bellän ýurt Baştutany onda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi, önümçiligiň girdejiligini ýokarlandyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin ähli çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä ykdysadyýetindäki ýagdaýyň çylşyrymly bolmagynda galýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurduň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşiniň saklanmagynyň wajypdygyny belledi. “Pudaklaryň döwrebaplaşdyrylmagyna, zerur bolmadyk çykdajylaryň azaldylmagyna, maliýe ulgamynyň durnuklaşdyrylmagyna we ýurdumyzyň maýa goýum işjeňliginiň saklanmagyna aýratyn ähmiýet berilmelidir”.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde halkara ýolagçy we ýük gatnawlaryna çäklendirmeler girizildi. “Bu bolsa ulag we kommunikasiýa toplumynyň kärhanalarynyň esasy ykdysady görkezijilerine ýaramaz täsir edýär. Munuň özi pudagyň geljekki ösüşine bolan ýaramaz täsirleri peseltmek üçin gyssagly çäreleriň görülmegini talap edýär” diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Pudagyň bank karzlaryny, salgytlary we maýa goýumlaryny tölemegiň möhletlerine gaýtadan seretmek we gysga wagtda teklipleri taýýarlamak ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezildi.

Türkmenistanyň Prezidenti telekeçiligi ösdürmek üçin zerur şertleri döretmegiň öňde durýan wezipeleriň esasylarynyň biridigini belläp, çig mal üpjünçiligi, bank karzlary, salgytlar, kärende tölegleri, özara hasaplaşyklaryň geçirilmegi, eksport amallary boýunça dürli ýeňillikleri bermek mümkinçiliklerini öwrenmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.

Dokma senagatynyň eksport ugurly esasy pudaklaryň hatarynda durýandygyny bellän ýurt Baştutany dünýä bazarlarynda pudagyň kärhanalary tarapyndan öndürilýän harytlara bolan isleg wagtlaýyn peselendigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti şu maksat bilen, dokma önümlerini içerki sarp edijilere ýerlemek hem-de daşarky bazarlary gözlemek üçin mümkinçilikleriň öwrenilmelidigini belledi.

2022