“Türkmendemirýollary” agentliginde penşenbe güni Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Eýranyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda üçtaraplaýyn wideokonferensiýa görnüşinde gepleşikler geçirildi.
Gepleşiklere “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “O'zbekiston Temir Yo'llari” paýdarlar jemgyýetiniň hem-de “Railways of Islamic Republic of Iran” guramasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň barşynda demir ýol we awtoýol ýükleriniň üç ýurduň döwlet serhetlerinden geçirmek ulgamyndaky ulag-üstaşyr geçelgeleri pudagynda özara mehanizmlerini güýçlendirmek barada pikir alşyldy.
Munuň çäklerinde şeýle hem taraplar, harytlaryň üznüksiz üpjün edilmegi, şol sanda ýurtlaryň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça utgaşdyrylan çäreleri bilen baglanyşykly meseleleri maslahatlaşdylar.
Üç ýurduň transport ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda 12-nji maýda wideokonferensiýada ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy boýunça maslahat edilipdi.
Şol maslahatda pandemiýa garşy serhetlerde dörediljek dezinfeksiýa tunelleri hem-de ýük gatnawlary barada pikir alşyldy.