Penşenbe güni Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň wideokonferensiýa görnüşinde mejlisi geçirildi. Gepleşige gatnaşyjylar MA5+Russiýa formatyndaky öňde duran üçünji ministrler derejesindäki mejlisiň gün tertibi barada hem pikir alyşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar CОVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmäge gönükdirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň, umuman dünýä bileleşiginiň tagallarynyň hem-de özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň we utgaşdyrylmagynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Diplomatlar Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň daşary ýurtdaky raýatlarynyň pandemiýa döwründe durmuş-ykdysady täsirleriň netijeleriniň ýeňip geçilmegi we adatdan daşary ýagdaýlarda şertleriniň ýeňilleşdirilmegi babatyndaky özara goldawlarynyň we hemaýatlarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar.
Öz nobatynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy sebitleýin durnuklylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça yzygiderli duşuşyklaryň hem-de pikir alyşmalary geçirmegiň wajyplygyny nygtady. Şunlukda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtlaryň we sebitleriň arasynda ulag gatnawlaryny, üstaşyr geçelgeleri çalt we doly möçberde dikeltmegiň, täze ugurlary gözlemegiň zerurlygy babatyndaky başlangyçlary hem aýratyn bellenip geçildi.
Diplomatlar şonuň ýaly-da, söwda-ykdysady, ulag-logistika we sebitleýin özara hereketleriň derwaýys ugurlarynyň işjeňleşdirilmegini hem belläp geçdiler.
Duşuşygyň çäklerinde Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy we sebitleýin durnuklylyga, howpsuzlyga we ösüşe degişlilikde gatnaşyjylaryň ählisi üçin kabul ederlikli bolan çemeleşmeleriň üpjün edilmegi dogrusynda hem pikir alyşyldy.