Türkmenistan özüni oba hojalyk önümleri bilen üpjün eder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan özüni oba hojalyk önümleri bilen üpjün eder
Gök ekinleriň daýhan birleşikleri we hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem-de hususy hojalyklarda ekilmeginiň göz öňünde tutulmalydygy bellendi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat hem-de gurluşyk we senagat toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýerler Esenmyrat Orazgeldiýewiň hem-de Şamuhammet Durdylyýewiň gatnaşmaklarynda geçiren iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk önümleriniň öndürilmeginde özüni üpjün edip bilýän döwlet bolmalydygyny nygtady.

Şeýle-de ýurt Baştutany penşenbe güni geçiren iş maslahatynda “Bazarlarymyz dürli önümlere baý bolup, türkmenistanlylaryň ýokumly iýmitlere isleglerini üpjün etmelidir” diýip belledi.

Maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Orazgeldiýewiň hem-de Durdylyýewiň hasabatlaryny diňlän Türkmenistanyň Prezidenti ýurduň içerki bazarynyň tutuş ýylyň dowamynda zerur azyk önümleri bilen üpjün edilmelidigini belledi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer Orazgeldiýewe ýurtda gök-bakja önümleriniň öndürilişini artdyrmak barada tabşyryk berdi. “Ýurdumyza daşyndan getirilýän gök-bakja önümleriniň möçberlerini azaltmak hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek maksady bilen, şu ýylyň güýzünde welaýatlarda ýeralmanyň we soganyň ekilýän meýdanyny giňeltmek hem-de goşmaça gök-bakja ekinleriniň ekilmegi üpjün edilmelidir”.

Tohumlyk ýeralmanyň, soganyň ýurtda doly möçberde öndürilmegini üpjün etmegi gazanmagyň zerurdygyny aýdan türkmen Lideri bu gök ekinleriň daýhan birleşikleri we hususy önüm öndürijiler tarapyndan hem-de hususy hojalyklarda ekilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belledi.

Gök-bakja önümleriniň öndürijilerden satyn alynmagy hem-de olar bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi üpjün edilmelidigini bellän ýurt Baştutany önümleri talabalaýyk saklamak hem-de ilaty bu önümler bilen tutuş ýylyň dowamynda üpjün etmek maksady bilen, zerur sowadyjy ammarlary gurmak boýunça degişli işleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany sowadyjy ammarlary gurmak işlerine Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň giňden çekilmelidigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer Durdylyýewe ýurtda ekilýän oba hojalyk ekinlerini mineral dökünler bilen üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen Lideri berlen tabşyryklaryň häzirki wagtda örän möhümdigini nygtamak bilen, şolary ýerine ýetirmek ugrundaky işleriň utgaşykly we netijeli häsiýete eýe bolmagyny talap etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022