Türkmenistanda ätiýaçlyk walýuta gory döredilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ätiýaçlyk walýuta gory döredilýär
Ätiýaçlyk goruň serişdelerini Merkezi bankda toplamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde “Pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda” hödürlenen Karara gol çekdi.

Mejlisde hasabat beren wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow önümleri eksport edýän edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan walýuta serişdelerini düzgünleşdirmek barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatyny diňledi.

Şol bir wagtda hem Müşşikow pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda Kararyň taslamasynyň taýýarlanylandygyny aýtdy.

Taslama laýyklykda, ätiýaçlyk goruň serişdelerini Merkezi bankda toplamak hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, döwletiň paýynyň gatnaşmagynda döredilen ähli edara görnüşli taraplaryň daşary ýurt pulundaky girdejilerini bu gora geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýurt Baştutany häzirki şertlerde maliýe ulgamynda dolandyryşyň döwrebap usullaryny ulanmagyň, Döwlet býujetiniň serişdeleriniň we eksporta iberilen harytlaryň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hasabyna gelip gowşan serişdeleriň ulanylyşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi.

Şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Müşşikow işi ygtyýarlylandyrmagy guramagy kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ygtyýarlylandyrylan düzümleriň sanawyna, işleriň görnüşlerine we döwlet pajynyň möçberlerine gaýtadan seredildi.

Ýurtda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň we bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde bu ulgamda kadalaşdyryş namalarynyň täzelenmeginiň ähmiýetini bellän Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ygtyýarlylandyrmagyň degişli talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini aýtdy.