Aşgabatda kanunçylygyň FATF standartlaryna laýyklygy maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda kanunçylygyň FATF standartlaryna laýyklygy maslahatlaşyldy
Mejlisiň barşynda EAG-niň öňünde goýlan maksatlara ýetmek we wezipeleriň oňyn çözgüdini tapmak boýunça geljekki bilelikdäki çäreler maslahatlaşyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde çarşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça maslahatlaşmalar geçirildi.

Pikir alyşmalarda Ýewraziýa toparynyň özara baha bermäge milli derejede taýýarlygyň çäklerinde halkara maslahatçysy Swetlana Poddubskaýanyň “Jenaýatçylykly ýol bilen girdeji almaklyga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmek boýunça Türkmenistanyň milli ulgamynyň tehniki taýdan laýyklygy boýunça hasabatyň birinji taslamasyna” seredildi.   

Maslahatyň dowamynda kanunçylygyň FATF (Pul serişdeleriniň bikanun alynmagyna garşy göreşmek boýunça maliýe çäreleriniň işlenilip düzülmegi boýunça Halkara topary) standartlaryna tehniki taýdan laýyklygy, degişli töwekgelçiliklere düşünmek, edara görnüşli taraplaryň we guramalaryň aýdyňlygy, maliýe ulgamynda gözegçilik ýaly meseleler bilen birlikde FATF usulyýeti boýunça özara baha bermegiň prosessi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunylaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny, maksatlaýyn maliýe sanksiýalaryny, şeýle hem kesgitlenen maliýe dahylly däl kärhanalaryň we hünärleriň ulgamyndaky gözegçilik ýaly ugurlara seredilip geçildi.

Maslahatlaşmalardan daşary bilermenleriň teswirleri we hasabatyň taslamasy boýunça teklipleri diňlenildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankyň we birnäçe täjirçilik banklarynyň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Adalat ministrliginiň, Ýokary kazyýetiň, Maliýe monitoringi gullugynyň, Statistika boýunça döwlet komitetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Döwlet gümrük gullugynyň, pul geçirme hyzmatlaryny amala aşyrýan poçta guramalarynyň wekilleri, şeýle-de ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022