Türkmen Lideri Owganystanyň çäginde dezinfeksiýa terminallaryny gurmaga taýyndygyny belledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen Lideri Owganystanyň çäginde dezinfeksiýa terminallaryny gurmaga taýyndygyny belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň çäginde demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýörite terminallary gurmaga taýýardygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda çarşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onda sebitiň we dünýäniň gün tertibine degişli birnäçe meselelere seredildi.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda döwlet Baştutany owgan kärdeşiniň Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideokonferensiýa görnüşindäki üç taraplaýyn duşuşygy geçirmek baradaky teklibini gollady. Onuň gün tertibine “Lapis Lazuli” ulag geçelgesiniň netijeliligini artdyrmak meseleleri giriziler.

Iki döwletiň Baştutanlary dünýäniň gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge ylalaşylan, bir bitewi çemeleşmäni işläp taýýarlamagyň zerurdygyny bellediler. “Şol meseleleriň biri COVID-19 koronawirus pandemiýasy bolup, onuň tutuş adamzatda uly ynjalyksyzlanma döredip, halkara ykdysady gatnaşyklaryna, ençeme döwletleriň we halklaryň durmuşyna ýaramaz täsirini ýetirdi” diýlip söhbetdeşligiň dowamynda aýdyldy.

“Türkmenistan şol howply ýokanja garşy göreşmek boýunça çäreleriň toplumyny üstünlikli amala aşyrmak arkaly, dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar hem-de oňa garşy ylalaşylan hereketleri işläp taýýarlamaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi möhüm hasaplaýar” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.

Iki döwletiň serhedinde utgaşykly sanitariýa-karantin çärelerini geçirmegiň zerurdygy barada aýtmak bilen, ýurt Baştutany Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki käbir beýleki ýerlerde – demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurtda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy.

Bilelikdäki tagallalar bilen görülýän çäreleriň sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini gazanjakdygy, serhetden geçýän ulaglary we ýükleri zyýansyzlandyrmak üçin şertleri döretjekdigi söhbetdeşlikde bellendi.

2022