Aşgabat we Kabul üznüksiz üstaşyr gatnawlary barada pikir alyşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Kabul üznüksiz üstaşyr gatnawlary barada pikir alyşdy
2018-nji ýylyň fewralynda 13 kilometrlik Serhetabat–Turgundy demir ýoly ulanyşa girizildi. (Surat: “Railway Gazette”)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow owganystanly kärdeşi Mohammad Hanif Atmar bilen penşenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde gepleşik geçirdi.

Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Baştutanlarynyň arasynda çarşenbe güni geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamy hökmünde, diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlary boýunça türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşiklerde daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary iki ýurduň halklarynyň, şonuň ýaly-da, tutuş sebitiň gyzyklanmalaryna laýyk gelýän ulag-üstaşyr geçelgeleri we energetika ulgamlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler.

Diplomatlar Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň oňaýly geosyýasy ýerleşişi nukdaýnazaryndan sebitiň ykdysady integrasiýasynyň güýçlendirilmegi we söwdanyň göwrümleriniň düýpli artdyrylmagy babatynda “Lapis Lazuli” geçelgesiniň önjeýli halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi üçin ýokary ähmiýete eýe bolup durýandygyny nygtadylar.

Sebit hem-de halkara gün tertibi boýunça pikirleri alyşmak bilen, iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň netijeli çözülmegi, aýratyn hem koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy babatynda utgaşdyrylan çözgütleriň işlenilip düzülmeginiň zerurlygyny aýratyn bellediler.

Diplomatlar şeýle-de üznüksiz ýük gatnawlarynyň üpjün edilmegi üçin iki döwletiň serhetlerinde utgaşdyrylan sanitar-karantin çäreleriniň zerurdygyny aýratyn nygtadylar.

Türkmen tarapy telefon arkaly gepleşikleriň barşynda beýan edilen Türkmenistanyň ynsanperwer kömegi hökmünde serhetýaka demir ýol menzillerinde, gözegçilik-geçiriş nokatlarynda hem-de Owganystanyň çägindäki demir ýol ulaglaryny we ýüklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýurtda gurlan ýörite terminallar ýaly desgalary gurmaga, şeýle hem olary zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmäge taýýardygyny ýene-de bir gezek tassyklady.

2022