Türkmenistanda ygtyýarlandyryş we ätiýaçlandyryş düzgünleri kämilleşdirilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda ygtyýarlandyryş we ätiýaçlandyryş düzgünleri kämilleşdirilýär
Türkmenistanda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen ygtyýarlylandyrmaga degişli işiň aýry-aýry görnüşleri boýunça ygtyýarlylandyryjy edaralaryň sanawy hem-de ygtyýarnamalaryň berilmegi üçin alynýan döwlet pajynyň möçberleri tassyklanyldy.

Resminama laýyklykda, “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 23-nji awgustynda çykaran 13180-nji Karary güýjüni ýitiren diýip ykrar edildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow Kararyň taslamasy taýýarlananda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bu ugurda hereket edýän düzgünleriň we sanawlaryň seljerilendigini, döwlet paçlarynyň möçberlerine gaýtadan seredilendigini aýtdy.

Şeýle-de Müşşikow mejlisiň barşynda ätiýaçlandyryş işini ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Hususan-da, degişli ugurda geçirilýän işleri tertipleşdirmek hem-de bu ulgamda hyzmatlaryň sanawyny artdyrmak maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň hem-de ulag toplumynyň işgärleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünleriň rejelenen görnüşiniň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Taslamada talaplar we adalgalar “Ätiýaçlandyryş hakynda”, “Awtomobil ulagy hakynda”, “Demir ýol ulagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna, Howa kodeksine hem-de Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine soňky ýyllarda girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara kybap getirildi.

Geçirilen işleriň netijeleri esasynda ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Kararyň taslamasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Ýurt Baştutany hasabaty diňläp hem-de teklibi makullap, bu ädimiň Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş ulgamynyň halkara ätiýaçlandyryş bazaryna işjeň goşulyşmagyna ýardam etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen Lideri zerur resminamalar işlenip taýýarlanylanda dünýä tejribesinde bu ugurda, aýratyn-da, milli ykdysadyýetde öňdebaryjy tejribäni nazara almagyň zerurdygyny belledi.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti döwlet kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetine öwürmek, olaryň binýadynda hususy kärhanalary döretmek baradaky meseleleri gysga möhletlerde işlemegi tabşyrdy.