Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda sişenbe güni BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdiriýetiniň (UNODC) we Bütindünýä gümrük guramasynyň “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasynyň” utgaşdyryjysy Batyr Geldiýew bilen wideo aragatnaşyk arkaly gepleşik geçirildi.
Söhbetdeşligiň barşynda BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýagdaýy hakynda pikir alşyldy.
Şeýle hem 2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuw çäreleriň meýilnamasy ara alyp maslahatlaşyldy.
Gepleşige BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky Müdirligiň Aşgabatdaky wekili Çary Ataýew hem gatnaşdy.
“Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamasynyň” çäklerinde 26-28-nji maý aralygynda Döwlet gümrük gullugynyň işgärleri üçin strategiki haryt söwdasy we eksport gözegçiligi barada habardarlygy ýokarlandyrmak boýunça onlaýn seminar geçirilipdi.
Konteýner gatnawlara gözegçilik etmek boýunça global maksatnamanyň Merkezi Aziýa üçin sebit segmenti Ýaponiýanyň Hökümeti we ABŞ-nyň Halkara neşe serişdelerine garşy göreş we hukuk goraýyş boýunça döwlet departamentiniň býurosy, şeýle hem Eksport gözegçiligi we serhet howpsuzlygy maksatnamasy (EXBS) tarapyndan maliýeleşdirilýär.