Nebitgaz pudagynyň wekiliýeti bilen “Eni” maýa goýum meselelerine seretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nebitgaz pudagynyň wekiliýeti bilen “Eni” maýa goýum meselelerine seretdi
“Eni” dünýäniň 66 ýurdunda iş alyp barýar.

Nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda penşenbe güni Italiýanyň “Eni” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça ýerine ýetiriji direktory Lukoý Winýati bilen onlaýn gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew gatnaşdy.

Gepleşikleriň barşynda dünýäniň energetika bazarlarynyň ösüşinde häzirki ýagdaýy we ählumumy meýilleri nazara almak bilen, ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serişdeleriň gymmatyny we durnuklylygyny iki tarapyň hem bähbidi üçin saklamak maksady bilen, häzirki döwürdäki ykdysady ýagdaýa laýyklykda maýa goýumy we kompaniýanyň işini işjeňleşdirmek babatdaky tekliplere seredildi.

Gepleşiklerde “Eni” kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň alyp barýan işleriniň oňyn tejribesi hem bellenildi. Bu kompaniýa öz işlerini “Nebitdag” şertnamalaýyn çäkde Önümleri paýlaşmak hakynda ylalaşygyň çäklerinde amala aşyrýar.

Türkmenistanda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan “Eni” 1963-nji ýylda esaslandyrylyp, onuň edara ediş merkezi Rim şäherinde ýerleşýär. Häzirki wagtda iri nebitgaz kompaniýasynyň düzüminde 30 müňden gowrak işgär bolup, olar dünýäniň 66 ýurdunda zähmet çekýärler.

2022