Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy artdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň we Tatarystanyň arasyndaky haryt dolanyşygy artdy
Türkmenistan Tatarystanyň “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” kompaniýasyndan iki sany lukmançylyk üçin niýetlenen dikuçarlary satyn alýar. (Surat: “Livejournal”)

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň bilelikde başlyklyk edijileriniň penşenbe güni nobatdaky wideokonferensiýa görnüşindäki mejlisi geçirildi.

Wekiliýetlere Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Ezizgeldi Annamuhamedow ýolbaşçylyk etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine we çuňlaşdyrylmagyna itergi berýän dürli derejelerde geçirilýän yzygiderli gepleşikleriň aýratyn depgini bellenildi. Şonuň bilen bir hatarda, Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda 2019-njy ýylda haryt dolanyşygy bäş esse artyp, 120 million ABŞ dollaryndan geçendigi bellendi. Şu ýylyň ilkinji çärýeginde bolsa, bu görkeziji 33 million ABŞ dollaryna golaýlady.

Çäräniň dowamynda taraplar iş toparynyň geçen mejlisiniň çözgütleriniň durmuşa geçirilmeginiň, şonuň ýaly-da söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özara bähbitli gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde maşyngurluşyk, nebithimiýa, awiasiýa senagaty, gämigurluşygy, oba hojalygy we beýlekiler kesgitlenildi.

Karimow bilen Daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda hem sişenbe güni wideokonferensiýa görnüşinde gepleşik geçirilipdi. Onda himiýa senagatynda, senagat pudagynda, bilim ulgamynda, ulag pudagynda geljegi uly maýa goýum taslamalary aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022