Türkmenistan global pandemiýa döwründe ykdysadyýeti goldamak boýunça maksatnama taýýarlaýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan global pandemiýa döwründe ykdysadyýeti goldamak boýunça maksatnama taýýarlaýar
Maksatnamada bellenen çärelerde eksporty goldamak hem göz öňünde tutular.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Gadyrgeldi Müşşikow ýurduň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Şu ýylyň ýanwar - maý aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterime deň boldy. 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişi 4,7 göterim ýokarlandy.

Şol bir wagtda göni wideoaragatnaşyga çagyrylan Merkezi bankyň başlygy Merdan Annadurdyýew karz beriş edaralarynyň alyp barýan işleri hem-de olaryň işini kämilleşdirmek, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatlary diňläp, Döwlet Baştutany dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz ýagdaýlar sebäpli, umuman, Türkmenistanyň ykdysady görkezijileri hem peselýär diýip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary bilen bilelikde, 2020-2021-nji ýyllar üçin maksatnamany işläp taýýarlamaga girişmegi tabşyrdy. Bu Maksatnamada esasy wezipe çökgünlik ýagdaýyndan has depginli çykmagy hem-de çökgünlikden ozalky görkezijileri gazanmagy üpjün etmekden ybaratdyr diýip, türkmen Lideri belledi.

Bu Maksatnamada bellenen çärelerde ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna düýpli maýa goýumlaryny goýmagyň hem-de eksporty goldamagyň göz öňünde tutulmalydygyny Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmen Lideri döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagy çaltlandyryp, paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek işini baş ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutany zähmet haklaryny tölemekde bökdençlikleriň ýüze çykýan ýagdaýlaryny berk gözegçilikde saklamagy talap edip, bu meseleleri seljerip, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Çary Gylyjow hem döwlet Baştutanyna gözegçilik edýän söwda we dokma pudaklarynyň, şeýle hem telekeçilik ulgamynyň ýerine ýetiren işleriniň jemleri barada hasabat berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, geljekde hem halkyň sarp edýän harytlarynyň öndürilişini artdyrmak boýunça işi dowam etmek babatynda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen Lideri telekeçilik pudagyny ösdürmegi höweslendirmek boýunça görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, Döwlet Baştutany ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri işläp taýýarlamagy we degişli teklipleri bermegi tabşyrdy.

Kiçi we orta telekeçilige, hususan-da, syýahatçylyk işi bilen meşgullanýan kärhanalara maliýe hem-de maddy-tehniki taýdan kömek bermeli diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Döwlet Baştutany oba hojalyk önümlerini öndürmek, gök we miwe önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjylaryny gurmak üçin hususy oba hojalyk kärhanalarynyň işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy.