“Kompozitenergo” kompozit armatur önümçiligini artdyrýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Kompozitenergo” kompozit armatur önümçiligini artdyrýar
“Kompozitenergo” dürli desgalaryň, şeýle hem elektrik geçirijileriň diňleriniň gurluşygynda ulanylýan önümiň eýýäm 400 tonnasyny öndürdi.

“Kompozitenergo” hojalyk jemgyýeti elektroenergetika desgalarynyň gurluşygynda ulanylýan aýna süýüminden armatur (kompozit armatur) önümçiligini artdyrýar.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän demirbeton önümleri kärhanasynda kuwwaty ýylda 10 müň tonna kompozit armaturyny öndürýän enjamlar oturdylan. “Kompozitenergo” dürli desgalaryň, şeýle hem elektrik geçirijileriň diňleriniň gurluşygynda ulanylýan önümiň eýýäm 400 tonnasyny öndürdi.

Aýna süýüminden öndürilýän armatur ulanylýan ýerine baglylykda epoksid, poliefir ýa-da poliefir winil smolasy bilen örtülip, onuň himiki we suw gurşawynda berkligini hem-de durnuklylygyny ýokarlandyrýar.

Bu armaturlar Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň barlaglaryndan üstünlikli geçdi. Kärhana Laýyklyk hem-de Howpsuzlyk sertifikatlary berildi, täze önümiň baha hasaplamasy tassyklanyp, onuň ulanyş kadalary düzülýär.

“Kompozitenergo” hojalyk jemgyýeti aýna süýüminden armatur önümçiligini ýylyň başynda ýola goýupdy.

2022