“Türkmeniň Rysgaly” hojalyk harytlarynyň täze görnüşlerini öndürýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmeniň Rysgaly” hojalyk harytlarynyň täze görnüşlerini öndürýär
“Türkmeniň Rysgaly” hususy kärhanasy “Ak Bulut” haryt nyşanly çygly süpürgiçleri, gigiýena prokladkalary, kir ýuwujy serişdeleri we çaga arlyklaryny hem öndürýär.

“Türkmeniň Rysgaly” hususy kärhanasy “Ak Bulut” haryt nyşanly erkekler üçin syrynma britwalaryň iki görnüşiniň we diş pastanyň birnäçe görnüşiniň önümçiligini ýola goýdy.

Şu ýylyň aprel aýynda işe girizilen täze önümçilik ulgamynda syrynmak üçin önümleriň 72 müňden gowragy öndürildi. Mundan başga-da, kärhana her çalşykda 40 müň gaba golaý atyr hem-de hojalyk sabynyny öndürýän awtomatlaşdyrylan enjamy satyn aldy.

Şeýle hem kärhana “Ak Bulut” haryt nyşanly çygly süpürgiçleri, gigiýena prokladkalary, kir ýuwujy serişdeleri we çaga arlyklary öndürýär.

Geljekde kärhana “Ak Bulut” haryt nyşanly suwuk sabynyň, şampunyň hem-de duş üçin geliň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Öndüriljek önümler kärhananyň özünde öndürilýän plastik gaplarda gaplanar.

“Ak-bulut” haryt nyşany bilen halka ýetirilýän “Türkmeniň Rysgaly” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda döredildi.