Özbegistan Türkmenistanyň serhediniň golaýynda erkin söwda zolagyny döretmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Özbegistan Türkmenistanyň serhediniň golaýynda erkin söwda zolagyny döretmekçi
Özbegistanyň ilkinji erkin ykdysady zolagy “Nawoiý” (Surat: “uztag.info”)

Özbegistan Türkmenistan bilen serhetleşýän Garagalpagystanyň Kungrad etrabynda erkin söwda zolagyny (ESZ) döretmekçi. Bu barada Özbegistanyň prezidentiniň karary ýörite portalda penşenbe güni ilata ýetirildi.

Özbegistan “Kungrad” ESZ-den başga-da, Gyrgyzystan bilen serhetde Andižan welaýatynyň Hojaabad etrabynda “Dustluk” erkin söwda zolagyny döretmegi meýilleşdirýär.

Resminamanyň taslamasyna görä, serhetara söwdany ýeňilleşdirmek, halkara we sebitleýin lomaý we bölek satuw söwdasynyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmek, serhetýaka sebitlerde logistika hyzmatlarynyň giň toplumyny ösdürmek üçin erkin söwda zolaklary dörediler.

“Kungrad” we “Dustluk” ESZ-lerinde tölegsiz gümrük tertibi bolar. Zolaga getirilen harytlar Özbegistanyň gümrük çäginiň daşyndaky önümler hasaplanar.

Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň raýatlary söwda zolaklarynda bäş gün wizasyz galyp bilerler.

ESZ-leriň işleýiş möhleti has-da uzaldylmak mümkinçiligi bilen 30 ýyllyk meýilleşdirilýär. Gatnaşyjylar emläk salgydyndan, ýer salgydyndan we suw salgydyndan boşadylar. Mikro firmalar we kärhanalar hem umumy salgytdan boşadylar.

Resminama 2020-nji ýylyň 26-njy iýunyna çenli ilat tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylar.

Özbegistanyň prezidenti 2019-njy ýylyň 15-nji maýynda Nawoýi sebitiniň ähli çägini erkin ykdysady zolaga (EYZ) öwürmek baradaky karara gol çekipdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022