Daşoguzda spanbond matadan bir gezeklik lukmançylyk halatlarynyň önümçiligi ýola goýuldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Daşoguzda spanbond matadan bir gezeklik lukmançylyk halatlarynyň önümçiligi ýola goýuldy
Ýörite eşigiň önümçiliginde spanbond materialy ulanylýar.

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda dokama däl matadan operasiýa üçin niýetlenen bir gezeklik lukmançylyk halatlarynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Ýörite eşigiň önümçiliginde ýokary derejeli berklige, gigroskopirlige we gipoallergenlige, şeýle hem deformesiýa we temperatura täsirlerine eýe bolan spanbond materialy ulanylýar.

Dokama däl matanyň hil häsiýetnamasy bir gezeklik lukmançylyk eşiklerini, şeýle hem beýleki şahsy goranyş üçin lukmançylyk serişdelerini öndürmäge mümkinçilik döredýär.

Kärhananyň ýokary önümçilikli tikin enjamlary oturdylan ýörite bölüminde spanbond materialynda operasiýa üçin halatlaryň synag tapgyry öndürildi.

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasynda Ýewropanyň öňdebaryjy enjamlary oturdylyp, bu ýerde ýokary hilli sargy serişdeleriniň ýylda 13 million gaplamasy öndürilýär.

Ýakynda kärhana agardylan hasa matasynyň önümçiligini ýola goýupdy. Kärhananyň önümlerine daşary ýurt sarpedijiler hem gyzyklanma bildirýär.

2022