Türki geňeşi agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy artdykmak boýunça ilkinji ädim hökmünde 500 million ABŞ dollary möçberinde Türk maýa goýum gaznasyny döretmek isleýär. Bu barada “Daily Sabah” gazeti habar berýär.
Agza döwletleriň, ýagny Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň, şeýle-de geňeşiň mejlislerine gatnaşýan Türkmenistanyň hem-de synçy derejesi bolan Wengriýanyň merkezi banklarynyň arasynda bu ugurda gepleşiklere başlandy.
Habara görä, agza ýurtlaryň arasynda azyk we derman serişdelerini üznüksiz üpjün etmek baradaky şertnamalara gol çekildi.
Türki geňeşiň Baş sekretarynyň orunbasary Ömer Kojaman gaznanyň ýurtlaryň ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin ilkinji ädimleriň biri boljakdygyny aýtdy.
Sekretaryň orunbasary Merkezi Aziýa we Hazar sebitini Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa birleşdirýän we taryhy ýüpek ýolunyň dowamy hökmünde möhüm ähmiýete eýe bolan Transhazar geçelgesiniň söwda taýdan ähmiýetine ünsi çekdi.
Kojaman munuň agza ýurtlaryň arasyndaky söwdany artdyrjakdygyny belledi we “Türki geňeşiň ýurtlary bilen söwdanyň möçberi 8 milliard ABŞ dollary bilen 10 milliard ABŞ dollary aralygynda bolar. Bu sanlar has-da köpeler” diýdi.
Wideokonferensiýa görnüşinde 10-njy aprelde geçen Türki geňeşiň sammitinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki şertlerde söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, döwletleriň arasyndaky ulag aragatnaşygynyň durnuklylygyny üpjün etmegiň zerurdygyny belläpdi.