Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni geçiren iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Esenmyrat Orazgeldiýewe tabşyrylan hasyl üçin kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň günübirin geçirilmegini, möwsümde işleýänler üçin bolsa, söwda we medeni çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.
Iş maslahatynda wise-premýer Orazgeldiýew ýurt Baştutanynyň Daşoguz we Balkan welaýatlaryna boljak iş saparlaryna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bu sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, tehnikalaryň bökdençsiz işini üpjün etmek maksady bilen, tehniki abatlaýyş toparynyň sazlaşykly işi ýola goýulmalygyny belledi.
Galla oragy bilen bir hatarda beýleki meýdan işlerini hem öz wagtynda geçirmegiň, şunda agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň zerurdygyny belläp, türkmen Lideri şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.
Şeýle hem iş maslahatynyň barşynda milli Parlamentiň ýolbaşçysy Gülşat Mämmedowa Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň şenbe güni geçiriljek onunjy maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi.
Bu maslahatda deputatlar ýurduň kanunçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işjeň ösdürilmegine ýardam berýän täze kanunlary işläp taýýarlamak hem-de şunuň bilen baglylykda ýüze çykýan meseleleriň çözgüdini dessin kesgitlemek boýunça öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Döwlet Baştutany halk hojalyk toplumynyň dürli ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli işleri kanunçylyk taýdan berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylyk-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny belledi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady.