Aşgabatda “Altyn kölüň” dynç alyş düzüminiň desgalary açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabatda “Altyn kölüň” dynç alyş düzüminiň desgalary açyldy
Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän “Altyn kölüň” kenarynda desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda duşenbe güni Aşgabadyň demirgazygynda ýerleşýän kölüň kenarynda gurlan dynç alyş düzümine degişli desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany ýörite taýýarlanan münberde dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmeleri täze dynç alyş zolagynyň açylmagy bilen gutlady we bu köli “Altyn köl” diýip atlandyrmak hakyndaky çözgüdi mälim etdi hem-de degişli Karara gol çekdi.

Şeýle-de bu ýerde täze dynç alyş zolagyny mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen taýýarlanan taslamalar goýuldy. Taslamalarda Aşgabat şäher häkimligi, senagat-gurluşyk toplumy we Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan hödürlenen meýilnamalaýyn çözgütleriň, binagärlik teklipleriniň birnäçesi hödürlenýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kölüň kenarynda şäher ilatynyň, myhmanlaryň, şeýle hem çagalaryň talabalaýyk dynç almagy üçin ähli şertler döredilmelidigini aýtdy. “Jemgyýetçilik ulaglarynyň yzygiderli gatnawlary ýola goýulmalydyr. Söwda, jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň, saglyk nokatlarynyň we sport meýdançalarynyň işi talabalaýyk guralmalydyr. Arassaçylyk-sanitariýa talaplary berk berjaý edilmelidir” diýip, türkmen Lideri belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýew medeni-dynç alyş, sport, söwda we beýleki dürli maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti täze dynç alyş zolagynyň açylmagy we onuň hereket etmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri metbugatda beýan etmek babatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşygy geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle-de bu ýerde kölüň ekologiýa ýagdaýy we onuň suwunyň arassalyk derejesi, lukmançylyk hyzmatlary, jemgyýetçilik ulaglarynyň gatnawlary, suwa düşmegiň tertibi barada bellenip geçildi.

2022