“Apple” applikasiýalary geçen ýyl $519 milliardlyk söwda ýol açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Apple” applikasiýalary geçen ýyl $519 milliardlyk söwda ýol açdy
“App Store” 2008-nji ýylda 500 applikasiýa bilen açylanyndan bäri programmaçylara $155 milliarddan köp töleg etdi.

“Apple Inc.” duşenbe güni “App Store” ekosistemasynda 2019-njy ýylda $519 milliardlyk täjirçilik işiniň alnyp barlandygy barada öz beýanatynda aýtdy.

“Analysis Group” tarapyndan geçirilen seljermede tölegli applikasiýalar we applikasiýanyň içindäki satyn alyşlar, şeýle hem “Apple”-iň mahabat satuwy ýaly gönüden-göni gatnaşmadyk “iPhone” we “iPad” applikasiýalary arkaly bolup geçen satyn alyşlar hem göz öňünde tutuldy.

Seljermede, şeýle-de “App Store”-iň 2008-nji ýylda 500 applikasiýa bilen açylanyndan bäri “Apple”-iň programmaçylara $155 milliarddan köp töleg edendigi anyklandy. Onuň dörtden biri geçen ýyl ýerine ýetirildi.

Seljermäniň netijesine görä, 2019-njy ýylda “iPhone” we “iPad” applikasiýalary arkaly amala aşyrylan $519 milliardlyk dolanyşyk şulary öz içine alýar:

  • Fiziki önümlerden we hyzmatlardan $413 milliard, şol sanda söwda applikasiýalaryndan $268 milliard, syýahat applikasiýalaryndan $57 milliard, gezelenç applikasiýalaryndan $40 milliard we azyk önümlerini eltmek applikasiýalaryndan $31 milliard;
  • Sanly harytlardan we hyzmatlardan $61 milliard;
  • Applikasiýalaryň içindäki mahabatlardan $41 milliard.

“Apple” kompaniýasy “App Store”-da satyn alnan sanly harytlar we hyzmatlar üçin 15% bilen 30% aralygynda komissiýa alýar.

Edara binasy Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde ýerleşýän “Apple Inc.” ýer ýüzündäki iň köp girdeji gazanýan iri tehnologiýa kompaniýalarynyň biridir. “IPhone” öndürijisi geçen ýyl $260 milliarddan gowrak girdeji gazanandygyny habar berdi.

2022