“Tatneft” Türkmenistanyň nebit ýataklarynda abatlaýyş işlerini geçirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Tatneft” Türkmenistanyň nebit ýataklarynda abatlaýyş işlerini geçirýär
2018-nji ýylyň dekabrynda “Türkmennebit” hem-de “Tatneft” 88 sany guýynyň abatlaýyş işlerini göz öňünde tutýan täze şertnama baglaşdylar.

“Tatneft” kompaniýasy 2010-njy ýylda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, Goturdepede nebit guýularynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek hem-de nebit çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazetiniň habar bermegine görä, geologiýa-tehniki işleriň geçirilmeginiň netijesinde 128 sany nebit guýularynda nebit çykaryş işleri täzelendi. Bu taslama $32 milliondan gowrak maýa goýuldy.

2018-nji ýylyň dekabrynda “Türkmennebit” hem-de “Tatneft” 88 sany guýynyň abatlaýyş işlerini göz öňünde tutýan täze şertnama baglaşdylar. Şertnamanyň çäginde “Tatneft” kompaniýasynyň Balkanabat şäherindäki şahamçasy türkmen hünärmenlerini işe çagyrmak bilen 12 sany topar düzdi. Häzirki wagtda 48 sany ýerasty guýular işe girizildi. Bu taslama $30 milliona golaý maýa goýuldy.

“Tatneft”-iň şahamçasy 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanda hasaba alyndy. Şahamçanyň esasy iş ugry guýulary düýpli abatlamakdan, howdanlara basyş boýunça hyzmat ediş ulgamyny guramakdan we nebit desgalarynda awtomatlaşdyryş ulgamlaryny ornaşdyrmakdan ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022