Türkmenistanyň we Fransiýanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek boýunça Türkmenistanyň DIM-niň hem-de Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda sişenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly maslahat geçirildi.
Gepleşikde taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklaryň derejesi boýunça pikir alyşdylar. Söwda we maýa goýumlar, nebitgaz ýaly ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri babatynda bellenildi.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, söhbetdeşlikde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürlik toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Mundan başga-da, taraplar dünýäniň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryna pandemiýanyň ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda taraplar global pandemiýanyň milli ykdysadyýetiň önümçilik ulgamlaryna ýetirýän täsiriniň azaldylmagy, iş ýerleriniň saklanylmagy boýunça Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylan hem-de amala aşyrylmaly çäreleriň birnäçesi barada nygtap geçdiler.
Maslahatyň ahyrynda iki ýurduň wekilleri maýa goýmak, bilelikdäki kärhanalaryň döredilmegi, taslamalaýyn we düzümleýin maliýeleşdirmek we hyzmatdaşlygyň beýleki dürli ugurlaryna seredip geçmäge taýýardygyny bellediler.
Türkmenistanda işleýän iri fransuz kompaniýalaryny birleşdirmek maksady bilen, 2012-nji ýylyň noýabrynda Fransiýa-Türkmenistan Söwda edarasy döredildi.